«Amazon» kompaniýasy kosmosdan Ýer ýüzüni internet bilen üpjün etjek taslamasyna girişdi. «Project Kuiper» atly taslamanyň çäklerinde ilkinji 27 emeli hemra Floridadaky Kanaweral kosmodromyndan uçuryldy. 2019-njy ýylda tanyşdyrylan taslamanyň bahasynyň 10 milliard dollardygy mälim edildi. «Amazon» Ýeriň aşaky orbitasyna 3 müň 236 emeli hemrany uçurmagy maksat edinýär. Emeli hemralar «United Launch Alliance» kompaniýasynyň «Atlas V» raketasy bilen uçuryldy. Taslama «Boeing», «Lockheed Martin» ýaly aerokosmos kompaniýalary hem ýardam berýär. Bu hyzmat aragatnaşygyň pes bolan, medeni zolakdan uzak ýerlerini internet bilen üpjün etmek maksady bilen ýola goýulýar.
Muhammet KERIMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.