Şu ýylyň birinji çärýeginde «Microsoft» we «Meta» kompaniýalarynyň girdejileri garaşylandan ýokary boldy. Ýanwar-mart aýlarynda «Microsoft» kompaniýasynyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 göterim ýokarlanyp, 70,1 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. Geçen ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 61,9 milliard bolupdyr. Kompaniýanyň arassa peýdasy hem 18 göterim artyp, 25,8 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. «Meta»-nyň girdejisi bolsa, ýylyň birinji çärýeginde 16 göterim artyp, 42,3 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe kompaniýa 36,5 milliard amerikan dollary girdeji gazanypdyr.
Wepa ANNAGELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.