11-nji maý­da Al­ba­ni­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da Prem­ýer-mi­nistr Edi Ra­ma­nyň do­lan­dy­ry­jy So­sia­lis­tik par­ti­ýa­sy öň­de bar­ýar. Al­ba­ni­ýa­nyň Mer­ke­zi saý­law ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mä­lim edi­len mag­lu­mat­lar mu­ny su­but ed­ýär.
Hä­zir­ki hö­kü­met Baş­tu­ta­ny­nyň par­ti­ýa­sy 53% gol­daw al­ýar, öň­ki pre­zi­dent we öň­ki prem­ýer-mi­nistr Sa­li Be­ri­şa­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ses­le­riň 34 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. Ga­lan par­ti­ýa­lar we he­re­ket­ler he­niz yz­da, ola­ryň ara­syn­da iň mö­hü­mi bo­lan So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy we NIS­MA he­re­ke­ti 4 gö­te­rim­den hem az se­se eýe bol­du­lar.
Al­ba­ni­ýa­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy mej­li­sin­dä­ki 140 orun üçin 53 par­ti­ýa we 3 koa­li­si­ýa da­laş­gär­lik ed­ýär. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 3,7 mil­li­on al­ban ra­ýa­ty­nyň ses ber­mek hu­ku­gy bar. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 41 gö­te­rim bol­dy. Ses be­riş­li­ge 19 ýur­duň, şeý­le hem Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ÝHHG) we­kil­le­ri gö­zeg­çi­lik et­di.