Şu gün, 13-nj maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä bankynyň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldaw bermeginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda guramagynda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.
Utgaşykly görnüşde geçirilýän çäre dialog üçin möhüm meýdança bolmak bilen, häzirki döwrüň iň derwaýys meseleleriniň biri bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlary, bilermenleri we hünärmenleri, şeýle hem BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny bir ýere jemledi.
Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň täsin endemiki ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrýan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda daşky gurşawyň täsirini görkezýän sergi guraldy.
Çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edenler howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.
Nygtalyşy ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek durnukly ösüş meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi bilen bagly düşünjeleri milli ösüş meýilnamalaryna, oba we suw hojalygy, energetika pudaklarynda alnyp barylýan strategiýalara ornaşdyrmak, üstünligiň möhüm şerti hökmünde kesgitlendi.
Forum 14-nji maýda öz işini tamamlaýar.