Her ýylyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasy geçirilýär. «Soňky jaň» dabarasy ýaşlygyň, bilimiň we asylly maksatlaryň nurana baýramy hökmünde ýaşlaryň hakydasynda hemişelik galýar. Bu sene Watanymyzyň ýüregi, syýasy, işewürlik, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň merkezi bolan Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär. Ak mermerli paýtagtymyzda şol gün goşa baýram – ulularyň we ýaşlygyň nurana baýramynyň şatlygy dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi, bilimi baradaky aladany esasy ugur edinýän syýasaty netijesinde mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjak ukyply ýaşlaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu şanly seneleriň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Institutyň gurluşygy häzirki wagtda batly depginlerde dowam edýär. Institutyň täze binalar toplumynyň gurluşygy, onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu ýerde gurluşyklaryň we ulanylýan serişdeleriň ýokary hil derejesinde bolmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy institutyň binalar toplumynyň, şol sanda naharhananyň, kitaphananyň üpjünçiligine zerur üns berilmelidigini, ähli otaglaryň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň degişli mebeller bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi talyplaryň bilimlerini çuňňur özleşdirmeklerine, mugallymlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň talabalaýyk derejede gurulmagy, okuw otaglarynyň, barlaghanalaryň döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrylmagy ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.
Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda enjamlaşdyrylyşy we binagärlik çözgüdi babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ýokary okuw mekdepleri guruldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak baradaky çözgüt hem Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň beýanydyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge we okamaga, ýokary bilimli, täzeçe pikirlenýän, maksada okgunly ýaşlaryň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna hemme şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly
Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Kakajan Berdiýew,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri.