Luk­man­lar to­mus pas­lyn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp bar­ma­gy, möw­sü­me gö­rä ge­ýin­me­gi, aras­sa agyz su­wu­ny ýe­ter­lik muk­dar­da iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Ylaý­ta-da, gök önüm­ler we mi­we­ler iý­len­de hök­man ýuw­ma­ly. Za­ýa­la­nan iý­mit önüm­le­ri­ni iý­mekden saklanmaly. Gök önüm­le­ri we mi­we­le­ri, süýt önüm­le­ri­ni çig etiň ýa­nyn­da sak­la­ma­ly däl-de, ýa­pyk syr­ça­ly ýa-da plas­ti­k gap­lar­da so­wa­dy­jy­da sak­la­ma­ly. Aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­li. Na­har di­ňe bir ge­zek iý­mek üçin bi­şi­ril­me­li we na­har taý­ýar­la­nan­da aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry do­ly ber­jaý edil­me­li. Na­har iý­mez­den öň we da­şar­dan ge­len­den soň eli­ňi sa­byn­lap ýuw­ma­ly, dyr­nak­la­ry wag­tyn­da al­ma­ly. Öýe si­ňe­giň gir­me­gi­niň we iý­mit önüm­le­ri­niň üs­tü­ne go­nup ha­pa­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin pen­ji­re­le­re tor dak­ma­ly. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da, ylaý­ta-da to­mus möw­sü­mi­niň gel­me­gi bi­len ýi­ti içe­ge ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak üçin aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­me­giň, ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ka­da­ly iý­mit­len­me­giň, maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­ma­gyň we şu­ňa meň­zeş bir­nä­çe ke­se­liň öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni alyp bar­mak ze­rur­dyr.
Eziz il­deş­ler, to­mus­da aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry luk­man­la­ryň mas­la­hat ber­şi ýa­ly do­ly we dog­ry ber­jaý edil­se, sag­dyn bo­lup bi­le­rsiňiz. Her bi­ri­miz özü­mi­ziň sag­ly­gy­my­za jo­gap­kär­li se­re­dip, ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­mä­ge üns ber­sek, sag­ly­gy­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy­ny ga­za­na­rys.

Gül­ba­har Şih­my­ra­do­wa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.