Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde kitaba, kitaphana berilýän üns has güýçlendi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde maddy-enjamlaýyn binýady innowasiýalara esaslanýan bilimler çeşmesiniň merkezleri döredildi. Kitaphanalara elektron we internet hyzmatlary ornaşdyryldy. Kitaphanalarda döwrüň ruhuna kybap işler durmuşa geçirilýär.
Kitaphana täze okyjylary çekmek, olarda kitaba bolan söýgini ösdürmek, bitewi elektron kitaphana ulgamyny hödürlemek, elektron kitaplaryň ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly geçirilýän işler aýratyn bellärliklidir. Kitaphana işgärleri alyp barýan işleriniň çäginde mekdeplerde, edara-kärhanalarda täze gelýän edebiýatlaryň göçme kitap sergilerini, medeni-köpçülik çärelerini, döredijilik duşuşyklaryny guraýarlar. Okuwçy we talyp ýaşlaryň arasynda kitaplar bilen tanyşlyklar guralyp, olaryň elektron görnüşleri hakynda wagyz işiniň geçirilmegi oňyn netijesini berýär. Bu tejribe kitaphana bolan gyzyklanmany artdyryp, okamaga gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna getirýär.
Ynsan durmuşynda möhüm rol oýnaýan kitap ähli döwürleriň gymmatly maglumat serişdesidir, bilimleriň çeşmesidir. Häzirki wagtda maglumat ulgamlarynyň ösmegi bilen kitaplaryň elektron görnüşi meşhurlyga eýe boldy. Elektron kitabyň taryhyna ser salanymyzda, ony döretmek baradaky ilkinji pikir Bob Brauna degişlidir. Ol 1930-njy ýylda bu barada kitap ýazýar. Kagyz ýüzüne ýazylan maglumaty belli bir tizlikde öňe hem yza geçirmek onuň pikiri arkaly beýan edilýär. Kagyz zolaklar şol döwürlerde telegramma ibermekde hem giňden peýdalanylypdyr. Onuň bu pikiri elektron kitabyň taryhynyň gözbaşy hasaplanýar. 1971-nji ýylda amerikaly Maýkl Harta uniwersitetde zähmet çekýän döwründe maşyndan peýdalanmaga berlen goşmaça wagty has peýdaly zada sarp etmegi öňe sürüpdir. Ol bu ugurda ilkinji elektron kitaby taýýarlap, onuň tekstini kompýuterde ýazypdyr. Ilkinji köpçülikleýin elektron kitaplar (elektron okaýjylar) 1998-nji ýylda satuwa goýberilipdir.
Elektron kitaphanalar kitaphana işinde gabat gelýän: neşirleriň az mukdarda çap edilenligi, maglumatlary saklar ýaly meýdanyň ýetmezçiligi, kitaplaryň aýawly saklanmagy ýaly meseleleriň hem çözgüdini ýeňilleşdirýär. Bulardan başga-da, ýiten, zaýalanan kitaplary, resminamalary täzeden dikeltmek mümkinçiliklerini döredýär. Bu bolsa elektron kitaphanalardan kitaplary, maglumatlary dürli görnüşde almagyň elýeterliligini üpjün edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap guralmagy we ösdürilmegi netijesinde ýaşlaryň bilim almak, ylym öwrenmek mümkinçilikleri barha ýokarlanýar. Berkarar Diýarymyzda halkymyza halal zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris!
Parahat EZIZOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.