Häzirki wagtda paýtagtymyzyň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyksöýüjilik pikirleriň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalyp, döwrebap şähere öwrülýär. 2013-nji ýyldan başlap ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi dabaraly bellemek asylly däbe öwrüldi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň şöhratly taryhynyň hem-de şu gününiň ylhamly tarypy ynsan kalbyny joşa getirýär. Durmuşa geçirilýän bitewi we sazlaşykly şähergurluşyk meýilnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyzyň täze binagärlik keşbi abadançylygyň we bagtyýarlygyň nyşany hökmünde dünýä ýüzüne nuruny saçýar.
Häzirki döwürde paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Stomatologiýa merkezi hem gurulýar we bu merkeziň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna uly ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy hem dowam edýär. Paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan binalaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli.
Şeýle hem häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylýan orta mekdepleriň gurluşyklaryna möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň köpçülikleýin gurulmagy bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändiginiň mysalydyr. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Şunda köpugurly aýlawly ýollaryň, köprüleriň gurluşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde paýtagtymyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýadyňa salýar. Paýtagtymyzda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlaryna degişli desgalaryň köp sanlysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyklaryň köpüsiniň durmuş ulgamyna degişlidigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan ajaýyp eserdir. Bu eserde paýtagtymyzyň gözel künjekleri, onuň ösüşi we geljekde ediljek işler beýan edilýär. Ak şäherimiz Aşgabady ylalaşdyryjy merkeze öwren Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun.
Mähri Meredowa,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.