UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynda Angliýanyň “Arsenal” kluby ýeňiji boldy. Londonlylar Portugaliýanyň paýtagty Lissabondaky Hoze Alwalade stadionynda oýnalan finalda soňky 2 ýylyň çempiony “Barselonany” 1-0 hasabynda ýeňdi. “Arsenala” taryhy ýeňiş getiren ýeke-täk goly 74-nji minutda toparyň şwesiýaly hüjümçisi Emma Bläkstenius öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Arsenal” topary 2007-nji ýyldan soň 2-nji gezek bu ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bassyr 5-nji, soňky 7 ýylda 6-njy gezek finalda oýnan “Barselona” 3-nji sapar 2-nji orny eýeledi. “Barselona” bu ýaryşda 100-nji duşuşygyny geçirip, bu görkezijä ýeten 4-nji hökmünde bellige alyndy.
2001/02 möwsüminden bäri geçirilip gelinýän bu ýaryşda “Lionyň” (Fransiýa) 8, “Aýntrahtyň” (Germaniýa) 4, “Barselonanyň” (Ispaniýa) 3, “Wolfsburgyň” (Germaniýa), “Umeanyň” (Şwesiýa), “Turbin Potsdamyň” (Germaniýa), “Arsenalyň” (Angliýa) 2 hem-de “Duisburgyň” (Germaniýa) 1 çempionlygy bar.
Bellik: surat uefa.com saýtyndan alyndy.