1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa iki günlük döwlet sapary başlandy. Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäheriniň «Buýant-Ukhaa» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Mongoliýanyň resmi adamlary, şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda saparynyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumy, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreler, milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyrýan bu ilkinji saparynyň barşynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler iki döwletiň arasynda dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda hem-de giňeldilmeginde täze sahypany açar diýlip, habarda bellenilýär.

2-nji iýunda — saparyň ikinji gününde Ulan-Batorda ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleri geçiriler. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy giriziler.

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň oňyn syýasy dialogy yzygiderli ösdürmek bilen, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezmek bilen, biziň ýurtlarymyz birek-birege özara goldaw berýärler.

Şeýle hem hökümetleriň, daşary syýasat edaralarynyň we parlamentleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda bu gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de giňeltmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, işewürler düzümleriniň ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-mongol işewürler forumy hem muňa ýardam berer.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ylym-bilim we medeniýet, şeýle hem sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler, bu ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, häzirki zaman ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri hasaba almak bilen, bu hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin häsiýet berilmegine ýardam eder.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa döwlet sapary hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam eder. Munuň özi iki dostlukly ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.