Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary 9 ýyldan soň “Premier Liga” çykan “Sanderland” toparyndan Joub Bellingamy transfer etdi. “Real Madridiň” angliýaly ýyldyzy Jud Bellingamyň inisi bolan 19 ýaşyndaky Joub üçin nemes topary 33 million ýewrony “Sanderlanda” berer. Bu görkeziji goşmaça tölegler bilen 38 million ýewro çykar. Dortmundlylar angliýaly ýarymgoragçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Joub Bellingam geçen möwsüm “Sanderlandda” 43 oýunda 4 gol geçirdi. Ol “Sanderlanddan” öň “Birmingem Sitiniň” hem köýnekçesini geýipdi.
Şunlukda, Jud Bellingamdan soň onuň inisi Joub Bellingam hem “Borussiýa Dortmund” toparynda çykyş eder. Ol täze klubunda 77-nji belgili köýnekçäni geýer.
Foto: “Borussiýa Dortmundyň” resmi internet saýtyndan alyndy.