Je­mi içer­ki önü­miň bäş aý­da­ky gör­ke­zi­ji­le­ri yk­dy­sa­dy ösü­şiň ýo­ka­ry we dur­nuk­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr» di­ýen söz­le­ri 2025-nji ýy­lyň – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň wa­ka­la­ry­nyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, şu ýy­lyň bäş aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn we çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn, ok­gun­ly ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, san­ly ul­gam ar­ka­ly 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de ýan­war–maý aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di. Ha­sa­bat döw­rün­de je­mi içer­ki önüm 6,3 gö­te­rim art­dy. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önü­miň möç­be­ri 9,7 gö­te­ri­me deň bol­dy. Je­mi içer­ki önü­miň jan ba­şy­na düş­ýän möç­be­riniň Türk­me­nis­ta­nyň gir­de­ji­si­niň or­ta de­re­je­den ýo­ka­ry bo­lan ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da bol­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, sal­gyt-býu­jet, pul-karz we ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu bol­sa pu­dak­la­ryň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär.
Hal­ka­ra pul gaz­na­sy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Ge­çen ýyl «Fitch Ra­tings» reý­ting agent­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­syn­da­ky uzak möh­let­le­ýin hal­ka­ra reý­tin­gi­ni «B+» de­re­je­sin­den «BB-» de­re­je­si­ne çy­kar­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ap­rel­ aýynda Ýa­po­ni­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýer­li işe­wür­ler bi­len du­şu­şan­da, ýa­kyn ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi­niň 6,3 – 8,3 gö­te­rim bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Mu­nuň özi yk­dy­sa­dy ösüş ba­bat­da ýur­du­my­zyň di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de hem öň­de­ba­ry­jy orun­la­ra çyk­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Bu oňyn ýag­daý­lar Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ma­li­ýe ab­ra­ýy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar.
Ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na öz­leş­di­ri­len düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 16,3 gö­te­rim art­dy. Şu ýyl yk­dy­sa­dy­ýe­te je­mi 40,1 mil­liard ma­nat möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­ gö­nük­di­ri­ler. Go­ýum­la­ryň möç­be­ri je­mi içer­ki önü­miň 40 gö­te­ri­min­den geç­ýär. Onuň 15 gö­te­ri­mi­ne çen­li möç­be­ri da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň, ga­lan bö­le­gi bol­sa döw­let hem-de hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ryň pa­ýy­na düş­ýär. Mu­nuň özi kär­ha­na­la­ry in­no­wa­si­on taý­dan en­jam­laş­dyr­mak, pu­dak­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na we dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ne ýol aç­ýar.
«Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki za­man kär­ha­na­la­ry­ny gur­ma­gyň we döw­let dü­zü­min­de bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­me­giň ha­sa­by­na 3 müň­den gow­rak iş orun­la­ry dö­re­di­ler. Şeý­le hem şu ýyl umu­my meý­da­ny 500 müň ine­dör­dül met­re go­laý ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, 4 müň 620 orun­lyk umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­ny, 2 müň orun­lyk mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­ny gu­rup ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu Mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da köp san­ly des­ga­lar­dyr bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­ler, bir­nä­çe­si­niň gur­lu­şy­gy bol­sa ta­mam­la­nar. Da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­dyr. Şu ýy­l da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni 20 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek ba­zar gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň mö­hüm dü­züm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da in­no­wa­si­on yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de hu­su­sy işe­wür­lik gol­da­nyl­ýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bo­ýun­ça şu ýy­lyň bäş aýyn­da oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň ösüş dep­gi­ni 107,2 gö­te­ri­me, se­na­gat önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň ösüş dep­gi­ni 108,2 gö­te­ri­me deň bol­dy. Umu­man, 2025-nji ýyl­da je­mi içer­ki önü­miň möç­be­rin­dä­ki döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy­ny 71,6 gö­te­ri­me ýe­tir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Umu­man, Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler, iri möç­ber­li öz­gert­me­ler döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä bi­le­le­şi­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň uzak möh­let­le­ýin mil­li mak­sat­na­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, ykdysadyýetiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň düýp­li öz­ger­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Be­genç AN­NA­GUR­BA­NOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.