“Tottenham” klubuna 17 ýyldan soň ilkinji, UEFA-da bolsa 40 ýyldan soň ilkinji kubogyny gazandyran awstraliýaly Anže Postekoglu wezipesinden boşadylypdy. London şäheriniň wekili Postekoglunyň ornuna bellenen täze tälimçisini mälim etdi. “Tottenham” topary daniýaly hünärmen Tomas Frank bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol 2018-nji ýyldan bäri “Brentford” toparyna tälimçilik edip gelýärdi. “Tottenham” topary 51 ýaşyndaky tälimçiniň transferi üçin “Brentford” toparyna 10 million funt sterling tölär.
Tomas Frank 2021-nji ýylda “Brentfordy” “Premier Liga” çykaryp, şondan bäri klub şowly çykyş edip gelýär. Ol “Brentfordda” 317 oýnuň 132-sinde ýeňiş gazandy (108 ýeňliş, 77 deňlik). Frank “Brentforddan” öň “Brondbýu” toparyny türgenleşdiripdi.
Anže Postekoglunyň tälimçiliginde 40 ýyldan soň UEFA-da kubok gazanan, Ýewropa Ligasynyň çempiony bolan “Tottenham” topary geçen möwsümde çempionatda 17-nji orny eýeläpdi. Çempionatdaky şowsuzlyk Postekoglunyň topardan ugradylmagynyň esasy sebäbi hasaplanýar.