Tähranda 6-9-njy maý aralygynda 23-nji Nebit-gaz we nebit-himiýa çig malyny gaýtadan işlemek boýunça Halkara sergisi geçirildi. Bu sergä 1200 ýerli, 880 hem daşary ýurtly nebit-gaz kompaniýalary gatnaşdylar. Nebit-gaz pudagynda häzirki zaman tehnologiýasyny hödürlemek, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek we beýlekiler serginiň baş maksady boldy.
22-nji maýda Donald Tramp Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini Ak tamda kabul eder. Ak tamyň wekilleri geçiriljek gepleşikleriň Amerika – Günorta Koreýa bileleşiginiň mäkämligine we iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine gönükdiriljekdigini mälim etdiler.
“Czech Tourism” agentliginiň habar bermegine görä, şu ýylyň tomsunda Çehiýa Respublikasyna 4,5 million syýahatçy geler. Tutuş 2018-nji ýylyň dowamynda 11 million jahankeşdäniň gelmegine garaşylýar. Şu ýyl çehleriň öz ýurdunda dynç almaga höwesi 20 göterim artypdyr.
Demirgazyk koreýalylar Günorta Koreýalylaryň wagtyna geçip, sagatlaryny ýarym sagat öňe süýşürdiler. Mundan beýläk iki ýurduň ýaşaýjylary ýeke-täk wagtda ýaşarlar diýip, habar beriş serişdeleri ýazýarlar.
Hytaýyň täze etraplarynyň biri Çunsinde 5G aragatnaşyk tory işläp başlady. Şeýlelikde, Hytaý dünýäde 5G aragatnaşyk toruny ulanýan ikinji ýurt boldy. Bu aragatnaşyk toruny ilkinji bolup, Günorta Koreýa Phýonçhanda geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda dronlary we sürüjisiz awtobuslary dolandyrmak maksady bilen ulanypdy. Häzir bazarda 5G göterýän telefon bolmanlygy üçin bu tor sürüjisiz ulaglary dolandyrmakda, hyýaly hakykat tehnologiýasynda we beýleki ulgamlarda ulanylýar.
Italiýanyň Werona şäherinde “Weronanyň rowaýaty ulaglary” atly meşhur we seýrek öndürilýän awtoulaglaryň sergisi geçirilýär. Bu awtosergä bütin Ýewropadan dürli kompaniýalar gatnaşýarlar. Şeýle hem 1300-den gowrak muzeýiň, köne awtoulag söýüjileriň birleşikleriniň we hususy kolleksionerleriň gymmat bahaly, gyt we del awtoulaglary sergide goýuldy. Bu ulaglar häzirki wagtda hem doly güýjünde işleýänligi bilen tapawutlanýarlar.
6-njy maýda Kanadanyň Toronto şäherinde marafon ýaryşy geçirilip, oňa dünýäniň 50 ýurdundan 10 müňden gowrak adam gatnaşdy.
Londonda ýurduň “Diplomat” žurnalynyň guran 10-njy baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda Belarusuň Beýik Britaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky ilçisi Sergeý Aleýnik Ýewraziýa sebiti boýunça “Ýylyň diplomaty” baýragyna mynasyp boldy. Sylag gowşurylyş dabarasyna halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, syýasatçylar we biznesmenler gatnaşdylar.
2017-nji ýylyň ýanwarynda BMG-niň Baş sekretarlygyna bellenen Antonio Guterreş bu wezipede ilkinji gezek Kuba sapar bilen geldi. Ol Kubanyň täze Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň ýolbaşçysy Migel Dias-Kanel bilen Gawanada duşuşdy. Bu duşuşykda taraplar parahatçylyk, halkara howpsuzlygy, durnukly ösüş we howanyň özgermegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dias Kanel Döwlet Geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesine aprelde girişipdi.
Ermenistanyň Milli mejlisi “Ýolk” fraksiýasynyň başlygy we Halk hereketiniň lideri Nikola Paşinýany ýurduň Premýer-ministrligine saýlamaga ses berdi. Oňa ýeke-täk dalaşgär hökmünde 53 ses ýeterlik bolsa-da, 59 deputat ses berdi. 42 deputat ses bermekden saklandy. Paşinýana “Ýolk”, “Daşnaksutýun”, Sarukýanyň topary” fraksiýalary ses berdiler we 10 sesi hem Ermenistanyň dolandyryjy Respublikan partiýasyndan aldy. Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan 8-nji maýda Nikola Paşinýany Premýer-ministrlige bellemek hakyndaky karara gol çekdi.