Nikolas Maduro sesleriň 68 göterim töweregine eýe bolup, Wenesuelanyň Prezidenti wezipesine 6 ýyllyk möhlet bilen gaýtadan saýlandy. Maduro ýurduň ilatynyň 5,8 milliondan gowrak raýaty ses berip, onuň esasy bäsdeşi “Öňdebaryjy” partiýasynyň dalaşgäri Enri Falkon 1,8 million sese (22 göterim) eýe boldy. Saýlawlara gatnaşyk 46 göterim töweregi boldy. Nikolas Maduro 2013-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýär.
Yrakda geçirilen parlament saýlawlarynda “As-Saýrun” bileleşigi ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň ýokary saýlaw komissiýasy habar berdi. “As-Saýrun” parlamentde 54 orna, “Fath” bileleşigi bolsa, 47 orna eýe boldy. 41 orun Premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň “Nasr” bileleşigine, 25 orun bolsa, wise-prezident Nuri al-Malikiniň “Döwlet kanuny” bileleşigine degişli boldy.
Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada Ýewropa Bileleşiginiň sammiti geçirilip, onuň esasy temasy geosyýasat boldy. Maslahatda günbatar Balkanda ýerleşýän ýurtlaryň Ýewropa Bileleşigine girmeginiň geljegi barada pikir alşyldy. Ýewropa Bileleşigine girmäge dalaşgärler – Serbiýa, Makedoniýa, Albaniýa we Çernogoriýa ýaly ýurtlardyr. Serbiýa we Çernogoriýa 2025-nji ýylda Ýewrobileleşige kabul ediler. Makedoniýa we Albaniýanyň kabul ediljek möhletleri bolsa, öňümizdäki günlerde belli bolar.
Soňky dört ýylyň içinde “gara altynyň” bahasy görnetin ýokarlandy. Maglumatlara görä, Brent nebitiniň barreliniň bahasy 1,22 göterim artyp, 78,06 dollara ýetdi. WTI görnüşli nebit barada aýdylanda bolsa, onuň barreliniň bahasy 71,11 dollara deň boldy. 14-nji maýda OPEC üstümizdäki ýylyň netijeleri boýunça dünýäde ýangyja bolan islegiň artýandygy barada nutugyny çap edenden soňra, nebitiň bahasynyň göterilişi başlady. Şeýle hem mundan birnäçe gün ozal, “Bank of America”-nyň hünärmenleri öňümizdäki 18 aýyň dowamynda nebitiň barreliniň bahasynyň 100 dollara çenli artmagynyň mümkindigi baradaky çaklamalary öňe sürüpdi.
Daşkentde geçirilen Halkara nebit-gaz sergisiniň çäklerinde “Dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşma” atly halkara maslahaty geçirilip, onda bu pudagy ösdürmegiň, önümçiligi kämilleşdirmegiň, energiýa gorlary bilen üpjünçiligiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata dünýäniň 24 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşdy.
Awstraliýaly 81 ýaşly Jeýms Harrison öz ýurdunda iň meşhur donorlaryň biridir. Pensioner 60 ýyldan bäri 1173 sapar gan beripdir. Lukmanlar bu ynsanyň kömegi bilen millionlarça çaganyň ömrüni halas edipdirler. Harrison özboluşly donor bolup, onuň ganyndan plazmadan bölünip çykýan antirezus immunoglobulin ýüze çykaryldy. Bu madda bolsa, göwreli zenanlaryň we olaryň geljekki çagalarynyň saglygy üçin hakyky melhemdir. Ol iň köp gan beren adam hökmünde 1999-njy ýylda Awstraliýa ordenine mynasyp boldy, 2003-nji ýylda bolsa, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol iň soňky sapar 2018-nji ýylyň 11-nji maýynda gan berdi.
Makedoniýanyň Premýer-ministri Goran Zaýew ýurduň bolup biläýjek täze adyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, döwletiň adynyň “Ilind Makedoniýasy” diýlip çalşyrylmagy meýilleşdirilýär. Premýer-ministr Respublikanyň adyny çalyşmak baradaky meseläniň öňdäki referendumda orta atyljakdygyny belläp geçdi. Bu barada Prezident, parlament we ýurduň iri partiýalarynyň wekilleri habarly edildi. Täze at ýurduň köp milletlidigine güwä geçip, ýurduň abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Birleşen Milletler Guramasy 2018-2019-njy ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ozalky çak edilişinden hem ýokary bolup, ösen ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi netijesinde, hem-de oňaýly maýa goýum şertlerinde 3 göterim ösjekdigi baradaky beýanatyny ýaýratdy.
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Ekspoforum” kongres-sergi merkezinde 24-26-njy maý aralygynda ykdysady forum geçirilip, oňa 15 müň wekil, şeýle hem, dünýäniň 72 ýurdundan 1500 daşary ýurt we rus kompaniýalary gatnaşýar. Foruma Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe dagy hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Şu ýyl forumyň şygary “Ykdysady ynam” diýlip atlandyryldy. Işewürler bu forumda emeli aň we blokçeýn tehnologiýalarynyň ykdysadyýetdäki orny barada maslahat etdiler.