50 ýyl mundan ozal, Germaniýa Federatiw Respublikasynda ilkinji bankomat ornaşdyrylýar. Başda ondan diňe belli adamlara pul almaga rugsat berlip, ondan peýdalanmak aňsat bir iş däldi. “Elektron hasapgäri” şotlandiýaly Şepard-Barron oýlap tapýar. Ilkinji sapar şeýle enjam 1967-nji ýylda Londonda ornaşdyrylýar. Beýik Britaniýanyň yzysüre bu işi GFR has-da ösdürýär. Bu ýerde ilkinji bankomat 1968-nji ýylyň 27-nji maýynda, ýagny 50 ýyl mundan ozal peýda bolýar. Bu waka Týubingendäki “Sparkasse” bankynyň bir şahamçasynda bolup geçýär. Bu bankyň şol döwürdäki işgäri Elmar Ýauh öz şahamçasynyň döwür bilen aýakdaş gitmegini isläp “Sparkasse”-de täze tehniki enjamyň dowamly işlemegi üçin tagalla edýär.
Germaniýada ilkinji bankomat Alendäki “Ostertag” firmasy tarapyndan döredilýär. Aslyýetine garanyňda, ol müň kilogram agramdaky seýf bolupdyr. Ondan peýdalanmak hem ýeňil düşmändir. Birinjiden, müşderiniň diwaryň içinden gurlan enjamy açmak üçin aýratyn görnüşli iki dişli açary bolupdyr. Ikinjiden, ulanyjynyň şahsyýetini tassyklamak üçin bankda taýýarlanan plastik kart gerek bolupdyr. Üçünjiden bolsa, pul almak üçin perfokarty goýmakda we bankyň beren kagyzyny almakda ýeterlik derejede kösençlikler bolupdyr. Müşderi şu amallaryň ählisini berjaý edenden soňra, nagt pul alyp bilipdir.
Germaniýanyň ilkinji bankomatynda başga aýratynlyklar hem bolupdyr. Belläp geçmeli aýratynlyklaryň biri Týubingendäki bankomaty diňe müňe golaý adam ulanyp bilipdir. Olar telekeçilerden we erkin hünärli wekillerden ybarat bolupdyr.
1969-njy ýylyň maglumatlaryna nazar aýlanyňda “Sparkasse” bankomaty köplenç dynç alyş günleri işläpdir. Haçan-da, magnit zolakly we pin kodly bankyň debet karty ulanyşa girizilenden soňra, ýagdaý bütinleý özgeripdir. Şol pursatdan başlap, ýurtda bankomatlaryň sany artyp ugrapdyr. Eýýäm 2015-nji ýylda Germaniýadada 61 müň 100 bankomat ulanyşda bolupdyr. Germaniýada nagt däl hasaplaşyk mümkinçiligi hemişe giňeýär. Häzirki wagtda iň ownuk satyn alyşlar hem bank karty arkaly amala aşyrylyp, kart arkaly töleg edilýän dükanlaryň, garbanyşhanalaryň sany gitdigiçe artýar.