Fransuz hünärmenleri aşa kiçi robotlaryň kömegi bilen dünýäniň iň kiçi jaýyny gurdular. Jaýyň ölçegi 0,02 x 0,01 x 0,015 millimetre barabar. Fransiýanyň Femto-ST institutynyň hünärmenleriniň guran jaýynyň ululygy adaty ululykdaky jaýdan 500 müň esse kiçi. Optiki süýümiň üstünde gurlan jaýyň adaty jaýlaryňka meňzeş üçegi, dört penjiresi, bir gapysy, tüsseçykary we 0,0012 millimetr galyňlygynda diwary bar. Mikroorganizmlerden başga hiç bir jandaryň ýaşap bilmejek jaýy mikro robotlaryň duýgurlygyny synagdan geçirmek maksady bilen gurlupdyr. Žan-Iwes Roş optiki süýümiň üstüne ýokary takyklykdaky mikro ulgamy gurnap boljakdygyny görkezmek üçin mikro ölçegli bu usuly saýlap alandyklaryny aýdýar. Jaýyň üçegi we diwarlary ion şöhlesi arkaly kesilipdir. Ylmy toparyň bu baradaky makalasy Wakuum Bilimi we Tehnologiýa žurnalynda çap edildi. Bu neşiri çykarýan Amerikan Fizika institutynyň hünärmenleri adam saçy ýaly inçe optiki süýümleriň uçar hereketlendirijileri ýa-da gan damarlary ýaly barmagy mümkin bolmadyk ýerlerde radiasiýanyň derejesini ölçemek ýa-da wirusyň bardygyny anyklamak üçin ulanylyp bilinjekdigini belleýär.