24-nji iýun­da Tür­ki­ýe­de möh­le­tin­den öň, Pre­zi­dent we par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu saý­law Par­la­men­tiň baş­tu­tan­ly­gyn­da do­lan­dy­ryl­ýan döw­let ul­ga­myn­dan Pre­zi­den­tiň baş­tu­tan­ly­gyn­da do­lan­dy­ryl­ýan ul­ga­ma ge­çi­len­den soň­ky il­kin­ji saý­law bo­lar. Saý­law­lar­da Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne 6 da­laş­gär gat­naş­ýar. Saý­la­wyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ag­za­la­ryň bi­ri 50 gö­te­rim­den köp ses alyp bil­me­dik ýag­da­ýyn­da ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler.

Gre­si­ýanyň we Ma­ke­do­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri ýek­şen­be gü­ni Ma­ke­do­ni­ýa­nyň ady­ny De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy di­ýip, üýt­get­mek ha­kyn­da­ky yla­la­şy­ga gol çek­di­ler. Gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy tä­sin köl­le­ri bi­len ta­nal­ýan grek se­bi­ti Pres­pes­de ge­çi­ril­di. Da­ba­ra BMG-niň we Ýew­ro­pa­nyň we­kil­le­ri bi­len bir­lik­de Gre­si­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Alek­sis Sip­ras we onuň ma­ke­do­ni­ýa­ly kär­de­şi Zo­ran Za­ýew gat­naş­dy­lar.

Prem­ýer-mi­nistr Mus­ta­fa Mab­du­li­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Mü­sü­riň tä­ze hö­kü­me­ti ka­sam ka­bul edip, we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Tä­ze hökümetiň düzüminde 33 ministr bar. Şe­rif Is­mai­liň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ozal­ky hö­kü­met 5-nji iýun­da öz işi­ni bes eden­den soň­ra, Mü­sü­riň tä­ze­den saý­la­nan Pre­zi­den­ti Abdul-Fattah Halil As-Sisi Prem­ýer-mi­nistr­li­ge Mus­ta­fa Mab­du­li­ni bel­le­di we oňa tä­ze hö­kü­me­ti düz­me­gi tab­şyr­dy.

Sa­mar­kant­da 2018-2019-njy okuw ýylynda “Ýü­pek ýo­ly” halkara sy­ýa­hat­çy­lyk uni­wer­si­te­ti açy­lar. Bu ba­ra­da Öz­be­gis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Il­ki­baş­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de Öz­be­gis­ta­nyň ra­ýa­ty bo­lan 100 ta­lyp okar. Gel­jek­de bol­sa, okuw mek­de­bin­de ŞHG-ä ag­za döw­let­le­riň ra­ýat­la­ry ka­bul edi­ler. Şeý­le okuw mek­de­bi­ni aç­mak Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­di.

Mon­go­li­ýa 2020-nji ýyl­da 1 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul edip, ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­la­ry­ny ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň Daş­ky gur­şaw we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi ha­bar ber­di. Mon­go­li­ýa­nyň mil­li sta­tis­ti­ka ko­mi­te­ti­niň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýurt 2017-nji ýyl­da 457 müň da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy ka­bul edip, ola­ryň ag­la­ba­sy hy­taý­ly­lar­dyr. Mon­go­li­ýa­da 2018-nji ýyl “Sy­ýa­hat­çy­lyk ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­di.

Pra­ga­da we Çe­hi­ýa­nyň beý­le­ki bir­nä­çe şä­her­le­rin­de heý­kel­ta­raş­lyk sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan “Sculp­tu­re Li­ne” at­ly şü­we­leň ge­çi­ri­lýär. Çä­rä­niň esa­sy mak­sa­dy dür­li heý­kel­le­ri ýer­leş­dir­mek ar­ka­ly çeh şä­her­le­ri­niň jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­ri­ne tä­ze­çe keşp ber­mek­den yba­rat­dyr. Heý­kel­ler sent­ýab­ryň ahy­ry­na çen­li bu ýer­ler­de gal­dy­ry­lar.

2019-njy ýyl­da ame­ri­kan teh­no­lo­gi­ýa ägir­di “App­le” tä­ze üç ka­me­ra­ly “iP­ho­ne”-ni köp­çü­li­ge hö­dür­lär. Bi­ler­men­ler tä­ze iş amallaryna eýe bol­jak en­ja­myň üç ob­ýek­ti­wi­niň dür­li ta­rap­lar­dan su­rat al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni we mu­nuň su­ra­tyň hi­li­ni has-da go­wu­lan­dyr­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Şeý­le hem 3D fo­to­su­rat al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän tä­ze “iP­ho­ne”-de hä­zir­ki wagt­da iş­jeň ös­dü­ril­ýän AR teh­no­lo­gi­ýa­sy or­naş­dy­ry­lar. Ka­me­ra­la­ryň äh­li­si hem üç es­se art­dy­ry­lan zum bi­len üp­jün edi­ler. Onuň ka­me­ra­la­ry­na “True Depth” teh­no­lo­gi­ýa­sy or­naş­dy­ry­lar.

21-nji iýun­da Hin­dis­tan­da “Ýo­ga dün­ýä­ni bi­rik­dir­ýär” di­ýen şy­gar as­tyn­da IV Hal­ka­ra ýo­ga gü­ni ge­çi­ril­di. Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di ýur­duň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Deh­ra­dun şä­he­rin­de köp­çü­lik­le­ýin ýo­ga tür­gen­le­şi­gi­ne gat­naş­dy. Hin­dis­tan­da her ýyl­da ýur­duň dür­li kün­jek­le­rin­de köp­çü­lik­le­ýin ýo­ga tür­gen­le­şi­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di: – Ýo­ga dün­ýä­niň ägirt uly bir­leş­di­ri­ji güý­jü­dir – di­ýip bel­le­di.