“Forbes” neşiri milliarerleriň täze sanawyny taýýarlady. Bu ýylky sanawda jemi 3 müň 428 adam bolup, bu görkeziji geçen ýyldakydan 390 sany köpdür. Milliarderleriň umumy baýlygy bolsa, 4 trillion dollar artyp, ilkinji gezek täze sepgide – 20,1 trillion dollara ýetdi.
Sanawa täze goşulanlaryň we ozal sanawda bolup baýlygyny artdyranlar emeli aň tehnologiýasyndan has köp peýdalanypdyr. Sanawa girenleriň arasynda mirasyň geçmegi arkaly baýanlar hem bar.
Sanawdakylaryň ortaça baýlygy 5,8 milliard dollar. Bu görkeziji geçen ýyl 5,3 milliard dollar bolupdyr. Neşir sanawy 1-nji martdaky paýnamalaryň bahalaryna we walýutasynyň gymmatyna görä hasaplady. ABŞ milliarderleriň iň köp ýaşaýan ýurdy hökmünde öňe saýlanýar. Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň 15-i bu ýurtda ýaşaýar. Soňky ýyllarda görnetin gurplanan Ilan Mask birinji ýerdäki ornuny has-da berkitdi. Geçen ýylyň dowamynda işewüriň eýeçilik edýän “Tesla” kompaniýasynyň öndürýän ulaglarynyň satuwy köp ýurtda azalan hem bolsa, robotaksileri tanyşdyrmagy bilen paýnamalarynyň gymmaty artdy. “SpaceX” kompaniýasynyň gymmaty hem her ýyl ýokarlanýar. Maskyň baýlygy geçen ýylyň oktýabrynda 500 milliard dollara ýetdi. Dekabr aýynda bolsa, ilki 600 milliard, 4 günden soňra 700 milliard baýlyga eýe bolupdy. Şu ýylyň dekabrynda belli işewüriň baýlygy 800 milliard dollara ýetip, bu ugurda täzelenmesi kyn rekordy goýdy. Şeýlelikde Maskyň umumy baýlygy bir ýylda 497 milliard dollar çemesi artdy. Häzirki wagtda onuň baýlygynyň 839 milliard dollardygy mälim edildi. Şeýlelikde ol adamzat taryhynyň ilkinji trillioneri bolmaga barha ýakynlaşýar.
Sanawda ikinji we üçünji orunlary “Google”-yň esaslandyryjylary bolan Lerri Peýj (257 milliard dollar) bilen Sergeý Brin (237 milliard dollar) eýeleýär. Bu iki işewür soňky bir ýylda jemi baýlygyny 212 milliard dollar artdyrypdyrlar.
“Amazon”-yň eýesi Jeff Bezos 227,5 milliard dollary bilen dördünji, “Oracle” kompaniýasynyň eýesi Lerri Ellison (193,7 milliard dollar) bäşinji ýeri eýeleýär.
Sanawda baýlygy 100 milliard dollardan geçýän 20 adam bar. Geçen ýyl bu görkeziji 15 eken. Aşa baýlaryň ýaryna golaýy tehnologiýa arkaly baýlyklaryny artdyrypdyrlar.
30 ýaşdan kiçi 35 milliarder bar
Ýaşlaryň hem birnäçesi bu ýylky sanawa girdi. Olaryň arasynda miras geçmek arkaly däl-de, öz zähmeti bilen baý bolanlar hem bar. 22 ýaşly Surýa Midha iň ýaş milliarderleriň biri boldy. Midha we onuň deň-duşy ýene iki işewür “Mercor” atly emeli aň işe alyş kompaniýasyny esaslandyrypdylar. Midhanyň ýaşy beýleki iki şäriginden birnäçe aý kiçi. Kompaniýa geçen ýylyň güýzünde hususy kompaniýalaryň maýa goýumyny özüne çekip, gymmatyny 10 milliard dollara ýetirdi. Şeýlelikde kompaniýanyň esaslandyryjylary iň ýaş milliarderler hökmünde mundan ozal Mark Zukerberge degişli bolan rekordy täzeledi. Zukerberg mundan 20 ýyl ozal 23 ýaşynda wagty bu sanawa giripdi.
Zenan milliarderler
Ýaş milliarderleriň arasynda zenanlar hem barha artýar. Braziliýaly balerina, Massaçussets tehnologiýa institutynyň uçurymy Launa Lopes Lara bu sanawda orun aldy. 29 ýaşly Lopes Lara “Kalshi” atly bazary öwreniji kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri. 30 ýaşdan kiçi 35 milliarderiň 17-si sanawa şu ýyl giripdir. Bu bolsa, ýaş milliarderleriň sanynyň barha artýandygyny görkezýär.
Bu ýylky sanawa jemi 481 zenan giripdir. Bu görkeziji umumy sanyň 14 göterimini düzýär. Zenanlaryň dörtden üçüsi miras arkaly bu sanawa giripdir.
Dünýäniň iň ýaş milliarderi bolsa sanawa täze goşulan Ameli Foýgt Trežes. 20 ýaşly Trežes braziliýaly senagat maşynlaryny öndürýän WEG kompaniýasynyň eýesiniň mirasdüşeri. Iň garry milliarder bolsa, geçen ýylyň sentýabrynda 104 ýaşyna aşak basan amerikaly ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň hojaýyny Jorj Josef. Milliarderleriň ortaça ýaşy geçen ýyl 66 bolan bolsa, bu ýyl 65 bolupdyr.
Milliarderler dünýäniň 80 ýurdunda we sebitinde ýaşaýar. Olaryň arasyna ilkinji gezek owganystanly milliarder hem goşuldy. ABŞ-da 989, Hytaýda (Gonkong hem degişli 610 we Hindistanda 229 milliarder ýaşaýar.
PDF









