Öňü­miz­dä­ki 10 ýyl­da ba­lyk se­na­ga­ty­nyň möç­be­ri ep-es­li de­re­je­de ar­tar, em­ma bu pu­da­gyň öňün­de dur­nuk­ly ösü­şi has-da pug­ta­lan­dyr­mak, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ýa­ly çyn­la­kaý me­se­le­ler dur­ýar. Bu ba­ra­da BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň go­laý­da ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. On­da 2030-njy ýy­la çen­li ba­lyk önüm­çi­li­gi­niň umu­my möç­be­ri­niň 18 gö­te­rim ar­typ, 201 mil­li­on ton­na ýet­jek­di­gi aý­dyl­ýar.
Be­ýa­nat­da ba­lyk önüm­çi­li­gi­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak üçin pu­da­gyň gö­zeg­çi­lik me­ha­niz­mi­ni ber­kit­me­giň, ar­tyk­maç çyk­da­jy­la­ry we zy­ýan­la­ry azalt­ma­gyň ze­rur­ly­gy, şeý­le hem bi­ka­nun ba­lyk tut­mak, ha­pa­la­nan suw we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly me­se­le­le­ri ara­dan aýyr­mak ba­ra­da dur­lup ge­çil­ýär.
– Ba­lyk ho­ja­ly­gy Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da mö­hüm pu­dak bo­lup dur­ýar. Yk­dy­sa­dy ösü­şe ýar­dam ber­mek­de ba­lyk ho­ja­ly­gy­nyň aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar – di­ýip, gu­ra­ma­nyň baş ýol­baş­çy­sy Žo­ze Gra­si­an da Sil­wa gür­rüň ber­ýär.
Be­ýa­nat­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ösüp bar­ýan we ösen ýurt­la­ryň ara­syn­da ba­lyk ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça çyn­la­kaý hyz­mat­daş­ly­gy ama­la aşyr­ma­ga ça­gy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ba­lyk ho­ja­ly­gy pu­dagynyň eda­ra­la­ry üçin daş­ky gur­şa­wy goramak, deňi­zlere atylýan taşlandylaryň öňüni almak boýunça de­giş­li stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­me­giň ze­rur­dy­gy be­ýa­nat­da bel­le­nip ge­çil­ýär.