17-nji iýulda Ýaponiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Tokioda geçirilen 25-nji sammitinde ähli gümrük päsgelçiliklerini doly aradan aýyrýan erkin söwda baradaky ylalaşygyna gol çekildi. Bu ylalaşyga Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň, Ýewropa Geňeşiniň wekili Donald Tuskuň we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunkeriň gatnaşmagynda gol çekildi. Ylalaşygyň 2019-njy ýylyň dowamynda doly güýje girmegine garaşylýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bu ylalaşyk 600 milliondan gowrak adamy öz içine alýan giňişlikde erkin söwda zolagyny döretmäge mümkinçilik berer.
Ýaponiýa Ýewropa bilen söwdanyň möçberi boýunça Aziýada ikinji orny, dünýäde bolsa, altynjy orny eýeleýär. Başga bir tarapdan, Ýaponiýa edilýän eksport Ýewropa Bileleşiginiň ýarym milliondan gowrak raýatyny iş bilen üpjün edýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, şertnama güýje girenden soňra Ýewropa harytlarynyň Ýaponiýa eksporty, takmynan, 30 göterim artar. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi Ýaponiýa bilen söwdada ýylda takmynan, 100 milliard ýewro gazanýar.
Şertnama laýyklykda, Tokio Ýewrobileleşikden getirilýän harytlaryň 94 göteriminiň gümrük paçlaryny ýatyrar. Bu bolsa, köp sanly harytlaryň bahasynyň arzanlamagyna we sarp edilişiniň derejesiniň artmagyna getirer. Brýussel Ýaponiýadan getirilýän harytlaryň, esasan hem, awtoulaglaryň we gündelik durmuşda ulanylýan elektronika enjamlarynyň 99 göteriminiň gümrük paçlaryny ýatyrar. Ylalaşygyň netijesinde, dünýäniň jemi içerki önüminiň 30 göterimini öz çäklerinde öndürýän erkin söwda giňişligi dörediler.
Mälim bolşy ýaly, bu ylalaşyk ýapon hem-de ýewropaly önüm öndürijilere ýylda 1 milliard ýewro tygşytlamaga mümkinçilik berer. 4 ýyl dowam eden gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyk geljek ýyl güýje girer. Ýaponiýa peýnirdir süýt önümleri ýaly Ýewropadan getirilýän önümleriň gümrük paçlaryny doly ýatyrar. Bu ylalaşyk esasynda Ýewrobileleşikden Ýaponiýa himiýa önümleriniň eksportunyň 22 göterim, ulag gurluşyk önümleriniň ugradylyşynyň möçberiniň hem 16 göterim artdyrylmagyna garaşylýar. Geleşik Ýaponiýanyň kompýuter we awtoulag senagatyna has-da bähbitli bolar. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginiň ýapon awtoulaglaryna gümrük nyrhlary häzir 10 göterimden ybarat bolsa, kem-kemden nola çenli düşüriler. Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky eksport we import deň bolup, 8 trillion iýene (26,7 milliard ýewro) barabardyr.