Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Bagbançylyk miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi Medet Mäterow Gazagystan Respublikasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşigine özüniň gazanan üstünlikleri we alyp barýan ylmy-barlag oýlap tapyşlary, taslama işleri bilen gatnaşyp ýeňiş gazandy we Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby diýen ada mynasyp boldy.
Medet Mäterow çekeleşikli bäsleşikde emin agzalaryna häzirki zaman lukmançylygy we ekologiýasy üçin möhüm bolan taslamany hödürledi. Halkara bilermenleri diňe bir pikiriň özüne däl, eýsem, talybyň giň tejribesine hem baha berdiler. Talyp ýoldaşymyz üstünlik gazanyp Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby ady bilen ýörite kubok, döşe dakylýan nyşan, degişli diplom we şahadatnama gazandy.
Biz hem uniwersitetimiziň talyby Medeti gazanan ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Begenç BAÝRAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









