Af­ri­kadaky Sa­hel se­bi­ti­niň Gün şöhleleri elekt­roe­ner­gi­ýa pu­da­gynyň dün­ýä ze­rur­ly­gy­ny 70 gö­te­ri­me çen­li üp­jün edip bi­ler. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bu se­bi­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­n me­ýil­na­ma­syn­da mä­lim edil­ýär. Sa­hel 11 ýur­duň çäk­le­ri bo­ýun­ça gün­ba­tar­da At­lan­tik um­ma­nyn­dan, gün­do­gar­da Gy­zyl deň­ze çen­li 3900 ki­lo­metr ara­ly­ga uza­ýar. Onuň umu­my tut­ýan meý­da­ny 3 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­metr­den yba­rat­dyr.
BMG ta­ra­pyn­dan bu se­bi­te ýar­dam ber­mek üçin ýö­ri­te me­ýil­na­ma taý­ýar­la­nyl­dy. Onuň mö­hüm ug­ry Gün ener­gi­ýa­sy­nyň ha­sa­by­na dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, af­ri­kan sa­wan­na­sy­nyň ys­sy kli­ma­ty ýer­li yk­dy­sa­dy­ýet üçin al­tyn ýa­şaý­şy üp­jün eder. Me­ýil­na­ma se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge we se­bit ­ýurt­lar­ynda asu­da­ly­gy ýo­la goý­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Gün ener­gi­ýa­sy­nyň ösü­şin­de tä­ze tap­gyr Gün pa­nel­le­ri­niň soň­ky bäş ýyl­da 70 gö­te­rim ar­zan­la­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, ösüp bar­ýan ýurt­lar­da ola­ry giň­den ulan­mak üçin has el­ýe­ter­li bol­dy. Şeý­le hem ener­gi­ýa­ny tygşytlaýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa iş­le­nip dü­zül­di. Ne­ti­je­de, kä­bir öý­le­ri Gün ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün ediş ul­ga­my we alys­da­ky se­bit­ler­de mik­roe­ner­gi­ýa ul­ga­my peý­da bol­dy.
Gün ener­gi­ýa­sy Sa­hel se­bi­tin­de öý ho­ja­ly­gy­ny we ýer­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­re­dip, öz ge­ze­gin­de, se­bit­dä­ki ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­ma­ga we uzak möh­let­le­ýin asu­da­ly­gy üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.