“Parker Solar Probe” zondy Günüň häsiýeti barada maglumatlary öwrenmek maksady bilen uçurylar. ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA-nyň ýörite saýtynda bellenilişine görä, müdirligiň ýolbaşçylary 2018-nji ýylyň awgustynda “Parker Solar Probe” kosmos zonduny uçurmak boýunça meýilnamany tassykladylar. Ol Floridanyň Kanawerel burnundan göterilip, açyk kosmosa çykandan soňra sagatda 700 müň kilometr tizlik bilen Güne sary ugur alar.
Kosmos apparatyny “Delta IV Heavy” raketasy orbita çykarar. Zond 6,5 kilometr aralykdan Günüň işjeňligi baradaky maglumatlary ýygnap, alymlara Gün alawlaryny öwrenmäge hem-de elektromagnit tolkunlarynyň netijelerini çaklamaga mümkinçilik berer.
Elektron enjamy Günüň jöwzaly gyzgynyndan ýörite sekiz burçly uglerodly galkan gorar. Enjam ýylylyk energiýasynyň uly bölegini özüne kabul edip, Selsiýa boýunça 1300 dereje gyzgynlyga çenli çydamlydyr. Ýylylyk energiýasynyň elektrige öwrülmegi netijesinde, bort ulgamy we elektron enjamlary 30 dereje ýylylykda saklanar. “Parker Solar Probe” zondunyň syýahaty azyndan ýedi ýyla çekip, 2024-nji ýylda 150 million kilometr aralygy külterläp, öz işine başlar we ilkinji maglumatlaryny Zemine ugradar.