“Skytrax” reýtingine uçara garaşylýarka iň süýji tagamlar bilen naharlanyp boljak howa menzilleri girizildi. Bilermenler aeroportlaryň garbanyşhanalardan restoranlara çenli naharhanalarynyň dürlüliginden başlap, nyrhlary we hyzmatyň hilini deňeşdirdiler. Bu barada “Euronews” habar berýär.
Netijede, sanawyň lideri ýene Singapuryň Çangi aeroporty boldy, ol eýýäm 14-nji gezek dünýäniň iň gowy howa menzili diýlip yglan edildi. Ilkinji dörtlüge şeýle-de Inçhonyň, Hanedanyň we Gonkongyň aeroportlary girdi.
Ýewropa yklymyndan hem birnäçe howa menzili bu sanawa girizildi. Olardan Italiýanyň Fýumiçino aeroporty sanawda bäşinji ýeri eýeledi, ol ýerde ýolagçylar nusgawy italýan milli tagamlaryny, şeýle hem beýleki dünýä ýurtlarynyň milli naharlaryny dadyp bilýärler.
Sanawda altynjy orny eýelän Münheniň howa menzilinde 60 töweregi restoran we kafe bolup, olarda däbe öwrülen nemes aşhanasyndan lezzet alyp bolýar. Sekizinji ýeri Angliýanyň Hitrou howa menzili eýeledi. Ýewropanyň iň köp ýolagçy gatnawly bu howa menzilinde köpsanly iýmit nokatlary ýerleşýär. Olarda meşhur baş aşpezleriň we nusgawy britan brendleriniň tagamlaryny dadyp bolýar.
Dokuzynjy orunda 65 töweregi aşhana nokady ýerleşýän Stambulyň howa menzili ýerleşdi, ol ýerde däp bolup gelýän türk tagamlaryndan ötri halkara aşhanasyny dadyp, şeýle-de wagtyňy barlarda geçirip bolar.
Ýewropadan başga sanawa Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň aeroportlary girdi, ABŞ-daky Jorj Buş adyndaky howa menzili bolsa, sanawy jemledi.