Dünýäde iň gymmat tebigy metal rodiý bolup, onuň bahasy üçlük unsiýa üçin 10 müň amerikan dollaryndan geçýär. Ol, esasan, awtoulaglarda zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaldyjy enjamlarda ulanylýar.
Bu barada G.W.Plehanow adyndaky Russiýanyň Ykdysadyýet uniwersitetiniň professory, ykdysady ylymlaryň doktory Mihail Gordiýenko salgylanýan “RIA Nowosti” ýazýar.
Alym rodiniň nyrhynyň ýokary bolmagyny onuň maksatnamalaýyn gazylyp alynmaýandygyna, dünýä bazarynyň bu metal bilen üpjünçiliginiň bolsa platinanyň we palladiniň ýataklarynyň işlenilişine baglydygyny gürrüň berdi. Hünärmen ýakyn geljekde bazaryň rodiniň täze känleriniň ýokdugy üçin öň hereket edýän şahtalaryň hasabyna üpjün ediljekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, rodiniň esasy ulanylýan pudagy awtoulag katalitik zyýansyzlandyryjylar bolup, tutuş dünýäde peýdalanylýan metalyň 80 göterime golaýy hut şu maksat üçin sarp edilýär.
ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň başynda Günorta Afrika platinoidleriň umumy dünýä gorlarynyň 72 göterimi, Russiýa 10 we Zimbabwe 8 göterimi degişli boldy.
PDF









