Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilmeginiň çäginde, 24-nji aprelinde Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Bu çärä Türkmenistandan gelen alymlar, bu uniwersitetiň talyplary hem-de professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory hanym T.Jugeli gatnaşyjylary gyzgyn mübärekläp, türkmen-gruzin gatnaşyklary netijeli we özara bähbitli ösmegini dowam etdirýändigi barada aýtdy. Ylym, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Uniwersitetleriň we ugurdaş düzüm birlikleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegi, pudagara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam berýändigi bellenilip geçildi. Bu çäre hem, işjeň we netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
PDF









