Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi ussat hünärmenleriň, bedew muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän ýatdan çykmajak wakadyr. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly atlaryň 10-sy çykaryldy.
«2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Hankerwen atly ahalteke bedewi mynasyp boldy. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy hünärmeni, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Myratgeldi Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy – «Toyota Fortune» kysymly täze awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.