Şu gün Aşgabat şäheriniň atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby-hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Türkmen bedewiniň milli baýramy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda meşhur Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, atşynaslar we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, ahalteke atlarynyň nusgasyna öwrülen Pyýada atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagynyň ähmiýeti barada bellenilip geçildi.
Pyýada atly bedew ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginde 4 gezek birinjiligi eýeläp, çempion, şol sanda doganlyk Özbegistan Respublikasynda geçirilen “Türkistan ýyldyzy” atly ahalteke bedewleriniň bäsleşiginde ýeňiji boldy.
PDF









