Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli watandaşlarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň hem-de belent sarpanyň nyşany hökmünde tutuş ýurdumyz boýunça medeni-jemgyýetçilik çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, Aşgabat şäherinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, welaýatlardaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklerde gül goýmak, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler.
Şeýle-de uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Bu barada 24-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.