«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlanýan günlerinde halkymyz ajaýyp seneleriň ýene-de birini uludan toýlaýar. Güneşli Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy tutumly dabaralara beslenip, uludan bellenip geçilýär. Bu senäniň hormatyna häzirden aýdym-sazly dabaralaryň, döredijilik bäsleşikleriniň, täsirli duşuşyklardyr maslahatlaryň we köp öwüşginli çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň behişdi bedewlere goýýan sarpasyny dabaralandyrýar.

21-nji ap­rel­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de uzak ara­ly­ga at­ly ýö­riş bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. 22-nji ap­rel­de bol­sa Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň açyk ma­ne­žin­de at­ly spor­tuň päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek (kon­kur) gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di. Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len bu bäs­le­şik­ler ýa­kyn­la­şyp gel­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da gu­ral­ýan toý çä­re­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li at­şy­nas­lyk ul­ga­myn­da ma­ra­fon we kon­kur ýa­ryş­la­ry uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Oňa gat­naş­ýan be­dew­le­riň sa­na­wy mu­nuň şeý­le­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.
Şeý­le-de Le­bap we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de we­la­ýat me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­magyn­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne ön­jeý­li go­şant go­şan türk­men mil­li me­de­ni­ýe­ti, mil­li mi­ra­sy­my­zyň iň naý­ba­şy­la­ry­nyň bi­ri, gö­zel­lik­de, ýyn­dam­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk türk­men be­dew­le­ri ba­ra­da çuň­ňur maz­mun­ly çy­kyş­la­ra giň orun be­ril­di.
Go­laý­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ser­gi­ler ja­ýyn­da mu­gal­lym­la­ryň we ta­lyp­la­ryň eser­le­ri­niň ser­gi­si açyl­dy. Ser­gi­de ha­ly­pa­la­ryň çy­kyş­la­ry­na uly orun ber­lip, gör­ke­zi­len sun­gat eser­le­ri­niň öz­bo­luş­ly çe­per­çi­lik aý­ra­tyn­ly­gy, ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­ly ha­kyn­da giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­di.
Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň ulu­dan bel­le­n­me­gi, bu se­nä­niň şa­ny­na kö­pö­wüş­gin­li da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ril­me­gi il­deş­le­ri­mi­ziň kal­byn­da eg­sil­me­jek joş­gu­n dö­red­ýär.
Mil­li we umu­ma­dam­zat me­de­ni mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan türk­men hal­ky­nyň at­şy­nas­lyk däp­le­ri­ni go­rap sak­la­mak, ös­dür­mek we dün­ýä ýaý­mak ba­bat­da taý­syz ta­gal­la ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za,
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za al­kyş­la­ry­myz çäk­siz­dir.

Göwher ANNAKULYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.