«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halk hojalygynyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşler gazanylýar.
Häzirki döwürde durnukly ykdysady ösüşi gazanmak döwlet syýasatynyň baş ugry bolmagynda galýar. Durnukly ösüş boýunça ileri tutulýan ugurlar we wajyp meseleler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ykdysady ugra uly ähmiýet berilmegi onuň ösüşiň maddy binýady bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ykdysady ösüşde, köplenç, duş gelinýän töwekgelçilikleriň derejesini peseltmekde özünde uly mümkinçilikleri jemleýän köpugurly ösüş milli ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklara baglylyk derejesini peseldýär.
Şu nukdaýnazardan maliýe sowatlylygy aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüş diňe bir önümçilik görkezijileri ýa-da tebigy serişdeler bilen däl, eýsem, jemgyýetiň her bir agzasynyň maliýe sowatlylygy bilen hem ölçenýär. Maliýe sowatlylygy – bu şahsy serişdeleri dolandyrmakdan başlap, global ykdysady hadysalara düşünmäge çenli bolan giň düşünjedir. Ykdysadyýet ylmy nukdaýnazaryndan seredeniňde, şahsy býujetiň dogry dolandyrylmagy gönüden-göni ýurduň maliýe ulgamynyň durnuklylygyna täsir edýär.
Islendik ykdysady ulgamda garaşylmadyk üýtgeşmeler bolup biler. Şahsy derejede «ätiýaçlyk gaznasynyň» bolmagy, ykdysady töwekgelçilikler ýa-da maliýe kynçylyklary döwründe döwletiň durmuş goldaw ulgamyna agram salman, öz-özüni dikeltmegine şert döredýär. Bu bolsa jemgyýetçilik durnuklylygynyň binýadydyr.
Sanly ykdysadyýetiň we kripto-aktiwleriň ösýän döwründe maliýe sowatlylygy täze bir derejä – sanly maliýe sowatlylygyna geçýär. Onlaýn bank hyzmatlary, kiberhowpsuzlyk we sanly maýa goýum gurallary bilen işlemek her bir raýatyň hökman bilmeli zatlarynyň birine öwrüldi.
Maliýe sowatlylygy diňe bir maddy baýlygyň däl, eýsem, ykdysady azatlygyň hem açarydyr. Döwlet we jemgyýet derejesinde bu ugra üns berilmegi geljekde has durnukly we maýa goýum mümkinçilikleri ýokary bolan milli ykdysadyýetiň gurulmagyna itergi berer.
Şeýle hem häzirki wagtda dünýä ykdysadyýeti uly özgerişleriň bosagasynda dur. Täze ykdysady ugurlar emele gelýär. Olaryň biri hem sirkulýar ykdysadyýet bolup, sirkulýar ykdysadyýet serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegine we galyndylaryň doly aýrylmagyna esaslanýan ykdysady model bolup durýar. Sirkulýar ykdysadyýet önümiň ömür dowamlylygyny uzaltmaga, galyndylary azaltmaga we serişdeleri täzeden ulanmaga gönükdirilen ulgamdyr. Adaty ykdysadyýetden tapawutlylykda, bu ýerde «galyndy» diýen düşünje ýokdur. Bir ulgamyň galyndysy beýleki bir önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
Şeýlelikde, häzirki zaman ykdysady ugurlarda maliýe sowatlylyk möhümdir.
Aýnabat JÜMMIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
PDF









