«Fraunhofer» nemes kompaniýasy agramy 94 kilogram bolan uçar motoryny işläp taýýarlady. Gibrid energiýa bilen işleýän hereketlendirijiniň kuwwaty 1 000 at güýjüne barabar. Bu tehnologiýa häzirki wagtda gibrid ulaglarda bolşy ýaly, gibrid ýangyçly uçarlaryň öndürilmegine mümkinçilik berer. Häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi göwrümli uçarlar bar hem bolsa, gibrid motorly uçarlar o diýen köp däl. Işlenip taýýarlanan motor ýeňildigine garamazdan, kuwwatlylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, şeýle ulaglary işläp taýýarlamagyň öňündäki iň uly meseläni aradan aýrar. Awiasiýa pudagynda agram näçe az bolsa, ýangyç hem az sarp edilýär. Motoryň ýeňil bolmagyna onuň içindäki mis simiň saralyşynyň üýtgedilmegi sebäp bolupdyr. Sim saramagyň täze usuly has köp elektrik akymyny döredip, kuwwatly bolmagyna getirýär. Mundan başga-da, motoryň gyzmagynyň öňüni almak üçin howanyň ýerine ýag ulanylýar. Motoryň önümçiliginde ozalkydan iki esse ýuka bolan polatdan peýdalanylypdyr.
Güljemal Akmyradowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









