Iýun aýynda Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň arasynda demir ýol gatnawy ýola goýlar. Şeýlelikde, bu şahanyň açylmagy bilen, Ýewropanyň çägindäki iň uzyn demir ýol gatnawy peýda bolar. Botniýa aýlagynyň iň demirgazygyndaky Finlýandiýanyň Tornio hem-de Şwesiýanyň Haparanda şäherleriniň arasynda bir asyrdan gowrak wagtdan bäri demir ýol bar bolsa-da, Finlýandiýadaky böleginde relsler has giň. Geçen asyryň başynda gurlan Haparanda wokzaly abadanlaşdyrylar. Bu ýerde ýolagçylar bir otludan düşüp, beýlekä geçmeli bolarlar. Otly gatnawynyň ýola goýulmagy bilen Finlýandiýanyň Kolari şäheri bilen Portugaliýanyň Lagos şäherleriniň arasyny diňe demir ýol ulaglaryna münmek arkaly geçip bolar. Şeýle-de Helsinki bilen Stokgolm şäherleriniň arasynda hem otly gatnawy ýola goýlar. Bu aralykdaky syýahatyň dowamlylygy 24 sagatdan gowrakdyr. Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň paýtagtlarynyň arasynda häzirki wagtda 18 sagat dowam edýän gämi gatnawy hereket edýär.
Ogulbike Mämiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









