Se­lin Dio­nyň sent­ýabr we okt­ýabr aý­la­ryn­da Pa­riž­de ge­çir­jek 16 kon­sert­den yba­rat bo­lan tä­ze dö­re­di­ji­lik sa­pa­ry­nyň şä­he­riň sy­ýa­hat­çy­ly­gy­na uly go­şant goş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, aý­dym­çy­nyň sah­na do­lan­ma­gy se­bi­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 300-den 500 mil­li­on ýew­ro çen­li gir­de­ji ge­ti­rip bi­ler.
«Choo­se Pa­ris Re­gi­on» agent­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Alek­sand­ra Dýub­lanş bu möç­be­re pe­tek sa­tu­wy­nyň, myh­man­ha­na­lar­dan we res­to­ran­lar­dan ýer bel­let­me­giň hem-de söw­da ha­ra­jat­la­ry­nyň gir­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Se­bä­bi şeý­le ýag­daý­lar­da da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar ýer­li ýa­şaý­jy­la­ra ga­ra­nyň­da, has köp pul sarp ed­ýär­ler.
«Ada­gio» myh­man­ha­na­lar zyn­jy­ry ýer bel­led­ýän­le­riň 400% ar­tan­dy­gy­ny ha­sa­ba al­dy, «Boo­king.com» bol­sa «Pa­ris» di­ýen göz­legiň sa­ny­nyň 49% ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. «MKG Group» ana­li­ti­gi Wan­ge­lis Pa­na­ýo­tis ulag çyk­da­jy­la­ry ha­sa­ba alyn­sa, umu­my yk­dy­sa­dy tä­si­riň 1,2 mil­liard ýew­ro ýe­tip bil­jek­di­gi­ni çak­la­ýar.
58 ýaş­ly Se­lin Di­on seý­rek duş gel­ýän ke­se­li ze­rar­ly kar­ýe­ra­sy­na al­ty ýyl­lyk ara­kes­me ber­me­li bo­lup­dy.
– Şu ýyl men öm­rüm­de iň go­wy dog­lan gün sow­ga­dy­ny al­ýa­ryn. Men­de si­zi gör­mä­ge we Pa­riž­de ýe­ne-de sah­na çyk­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­rär – di­ýip, aý­dym­çy be­gen­ji­ni paý­laş­ýar.

Azat Aşyrmuhammedow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.