Irlandiýanyň syýahatçylyk we ätiýaçlandyryş kompaniýasy «JustCover» tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijesinde 2,6 milliondan gowrak reňk öwüşginleri bilen sanawda Lissabon şäheri birinji orny, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheri ikinji, Portugaliýanyň reňkli şäherleriniň biri bolan Porto üçünji orny eýeledi.
Lissabon barada
Portugaliýanyň paýtagty we iň uly şäheri bolan Lissabonyň 20 asyrdan gowrak taryhy bar. Güneşli howasy we daglyk kenarlary bolan bu şäher Ýewropanyň iň günbatar paýtagty hasaplanýar. Sary tramwaýlary, taryhy Alfama etraby we gijeki şäher durmuşy bilen tanalýan Lissabon kenarýakada ýerleşýär. 100 inedördül kilometr meýdany eýeleýän reňkli şäher deňiz kenaryndaky depeleriň üstünde gurlandygy sebäpli, owadan panoramik görnüşi emele getirýär. Orta asyrlarda gurlan reňkli owadan binalary bilen tapawutlanýan bu şäherde 575 müň töweregi adam ýaşaýar. Ýaşamak üçin gymmat şäherleriň biri hasaplanýan Lissabonda, esasan, deňiz önümleri köp iýilýär. Lissabon
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen iki sany binasy – Belem ýadygärlikler mekany we Žeronimuş köşgi hem-de fado sazy bilen meşhurdyr. Şäheriň iň gadymy Alfama etraby labirinte meňzeş dar köçeleri bilen syýahatçylary haýran galdyrýar. Şähere her ýyl 6-7 million syýahatçy barýar.
Internet platformalary arkaly geçirilen «Dünýäniň iň reňkli şäheri» bäsleşigine 78 ýer hödürlendi. Syýahatçylara we degişli hünärmenlere howadan düşürilen fotosuratlar, binalaryň, arhitektura ýadygärlikleriň suratlary görkezildi. Soňra iň reňkli binalaryň sanawy kesgitlenip, ýeňiji bolan şäherler yglan edildi. Dünýäniň iň reňkli 10 şäheri: Lissabon (Portugaliýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Porto (Portugaliýa), Kartagena (Kolumbiýa), Rio-de-Žaneýro (Braziliýa), Guanahuato (Meksika), Gawana (Kuba), Hanoý (Wýetnam), Nýu-Orlean (ABŞ), Medelin (Kolumbiýa).
PDF









