Aragatnaşyk, täzelikler bilen tanyşmak we güýmenje maksatly ulanylýan öýjükli telefonlar amatly şert döredýändigine garamazdan, zyýanly täsirini hem ýetirýär. Alymlar tarapyndan smartfonyň adam beýnisine ýetirýän täsiri barada uzak ýyllaryň dowamynda barlaglar geçirildi. Barlaglaryň netijesinde uzak wagtlap telefon ulanmagyň beýnä oňaýsyz täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Telefon ulanylyşynyň köpelmegi, esasan hem, smartfonlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi saglyk üçin zyýanly hasaplanýar.
Telefondan yzarlanýan täzelikler we bildirişler beýnide artykmaç höwes döredýär. Elektron poçta habarlarynyň, internet täzelikleriniň we sosial mediadaky mahabatlaryň adamlarda «habarsyz galmak gorkusyny» döretmegi mümkin. Şol sebäpli köp adam her gün ýa-da her sagat telefonyndaky platformalary yzarlap durýar. Bu ýagdaý adamlaryň işine we çagalaryň okuwyna ýaramaz täsir edýär.
Sosial media adamlaryň öz durmuşyny ýa-da ýagdaýyny beýlekiler bilen yzygiderli deňeşdirmegine sebäp bolýar. Bu bolsa adamlarda özüne bolan ynamy peseldip, durmuşa başgaça garaýşy döredýär. Esasanam, ýetginjeklerde bu deňeşdirmeleriň netijesinde göwnüçökgünlik alamatlary ýüze çykyp, ýalňyş pikirler döreýär.
Telefonyň ekranyndan bölünip çykýan mawy yşyk melatonin gormonynyň bölünip çykmagynyň öňüni alyp, uky bozulmalaryna sebäp bolýar. Ukynyň peselmegi ýa-da ukusyzlyk alamatlary nerw ulgamyna täsir edip, adamlaryň özüni alyp barşynda gaharjaňlygy we aladaly ýagdaýlary ýüze çykarýar. Mundan başga-da, uzak wagtlap telefona güýmenýän adamlaryň beýnisinde ýadawlyk döreýär.
Smartfonlar her gün diýen ýaly täzelenýän platformalary we owadan dizaýnlary bilen ünsi özüne çekýär. Telefona güýmenýän adam wagtyň nädip geçenini hem bilmän galýar. Bu ýagdaý adamyň duýgularyna täsir edip, özüni günäkärlemegine sebäp bolýar.
Bilermenler telefonyň täsirini azaltmak üçin hepdäniň belli günlerinde ýa-da günüň belli bir wagtynda telefon ulanmagy çäklendirmelidigini belleýärler. Mundan başga-da, ýatmazdan bir sagat çemesi öň telefon ulanmagy bes etmelidigine we telefony ýatylýan otagda goýmaly däldigine ünsi çekýärler. Şeýle hem telefona güýmenmezden, gün tertibine eýermäge çalyşmalydygyny we sport bilen meşgullanmalydygyny, ýakynlaryň we dostlaryň bilen oturmaga wagt aýyrmalydygyny belleýärler.
PDF









