19 – 24-nji aprelde Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 48-nji halkara çagalar festiwalynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkiýäniň Döwlet teleradiokompaniýasy (TRT) tarapyndan guralan festiwala dünýäniň 27 ýurdundan çagalar toparlary gatnaşyp, medeniýetleriň dürlüligini, olaryň ählisiniň parahatçylygy we dostlugy wagyz edýändigini joşgunly beýan etdiler.
Doganlyk ýurtda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen çagalar festiwaly bu gezek özüniň gerimi we mazmuny boýunça geçen ýyldakylardan has-da tapawutlandy. Festiwal Germaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Serbiýa, Albaniýa, Estoniýa, Makedoniýa, Ukraina, Moldowa, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Mongoliýa, Pakistan, Yrak, Siriýa, Palestina, Wenesuela, Marokko, Keniýa, Gana ýaly ýurtlaryň çagalar döredijilik toparlaryny bir ýere jemledi. Ol ýaş nesliň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek arkaly halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostluk, ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Halkara festiwalda Watanymyza wekilçilik eden «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň zehinli çagalary joşgunly çykyşlary bilen çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar.
Bezemen sahnada ýerine ýetirilen çykyşlar dostluk, ählumumy abadançylyk baradaky senanyň çagalaryň dilinde has täsirli ýaňlanýandygyny, bu gymmatlyklaryň häzirki döwürde näderejede möhümdigini äşgär etdi. Milli lybaslarda çykyş eden ýurdumyzyň çagalar toparynyň çykyşlary dowamly el çarpyşmalara beslendi. Halkara festiwala gatnaşan ähli döredijilik toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren jemleýji çykyşy adamzadyň ýagty geljegi, çagalaryň abadançylygy üçin ählumumy tagallalara çagyryş bolup ýaňlandy. Festiwalyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň çagalar topary Ankara şäheriniň taryhy ýerlerine baryp gördüler, şol sanda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine zyýarat etdiler.
PDF









