Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine portlandsement, jins önümleri, nah ýüplük, bugdaý uny ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 529 million 835 müň manada deň bolan tehniki kükürdi (“Türkmengaz” döwlet konserni), polipropileni we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), çig ýüpegi, pagta süýümini satyn aldylar.
PDF









