Russiýanyň paýtagtyna gar ýagyp, howanyň derejesi nol gradusa çenli düşdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Gar ýekşenbä geçilýän gije başlap, ertesi uzakly gün dowam etdi. Köçeler we howlular ap-ak gara bürendi. Güýçli şemal öwüsýär. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, öňdäki üç günde paýtagta ygalyň aýlyk möçberi düşüp biler. Gar örtügi bäş santimetre çenli ýeter.
Ýollar taýgançak we görüş ýaramaz, şonuň üçin ulag sürüjilerine seresap bolmak maslahat berildi. Şeýle bulaşyk howanyň maý aýynyň başky günlerine çenli dowam etmegi mümkin diýlip, habarda bellenýär.
«Fobos» howa merkeziniň baş hünärmeni Mihail Leus Moskwanyň sebitinde şemal gatyşykly ýagyş, käbir ýerlerde gar görnüşli bol ygalyň düşjekdigini, howanyň hem güýçli sowajakdygyny çaklaýar.
PDF









