Türkmen bedewiniň baýramynyň ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabaralar bilen bellenilýän günlerinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde, Medeniýet we syýahat žurnalynyň redaksiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda şygryýet bäsleşigi yglan edildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ençeme ykbal ýoluna döredijilige, döredijiligiň şygryýet dünýäsine baglan, ýaş şahyrlar gatnaşdylar. Özleriniň ýazan goşgularynyň üsti bilen türkmen bedewiniň waspyny çeper beýan etmegi başardylar.
Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň halypa şahyrlarynyň gatnaşmagynda döredilen eminler toparynyň teklip bermegi netijesinde mynasyp görlen ýaşlar, bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň, şeýle-de Medeniýet we syýahat žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary gowşuryldy. Bu geçirilen döredijilik bäsleşigi türkmen ýaşlaryny galyberse-de, döredijilik bilen meşgullanýan her bir raýatymyzy täzeçe üstünliklere ruhlandyrmaga, türkmen bedewiniň baýramynyň ýurdumyzyň dürli künjekleriniň şol sanda döredijilik işgärleriniň arasynda hem ýokary ruhubelentlikde dabaralandyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berdi.
Begenç Baýramow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









