Ýewropa Bileleşigi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda möhüm ýerasty magdanlaryň üpjünçiligini utgaşdyrmak boýunça strategik hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekildi. 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Waşingtonda bolup geçen dabarada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ÝB-niň söwda boýunça komissary Maroş Şefçowiç tarapyndan tassyklanan bu resminama, ykdysadyýetiň we milli howpsuzlygyň esasy pudaklary, şol sanda goranyş senagaty üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň durnukly üpjünçilik zynjyryny döretmäge gönükdirilendir. Taraplar bu ylalaşygyň strategik bähbitleri goramakda we goýlan maksatlara has gysga wagtda ýetmekde möhüm ädimdigini nygtadylar.
Täze ylalaşygyň çäklerinde taraplar strategik ähmiýetli minerallaryň önümçiligi we söwdasy boýunça halkara standartlaryny kämilleşdirmegi, maýa goýumlaryny we ylmy-barlag işlerini utgaşykly alyp barmagy meýilleşdirýärler. ABŞ-nyň Döwlet sekretary M.Rubio üpjünçilik ulgamynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ykdysady durnuklylyk üçin zerurdygyny belledi. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda dünýä bazaryndaky artykmaç önümçilige garşy durmak we bilelikde “polat halkasyny” döretmek arkaly içerki öndürijileri goramagyň meselelerine seredildi. ÝB-niň wekili M.Şefçowiç ABŞ-nyň Söwda ministri Howard Lutnik bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny we polat hem-de alýumin söwdasyndaky nyrh meselelerini kadalaşdyrmak ugrunda oňyn ädimleriň ädilýändigini mälim etdi.
PDF









