Çempionlar Ligasynda ýarym final duşuşyklary: PSŽ – “Bawariýa”, “Atletiko” – “Arsenal”

4

UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym final duşuşyklaryna badalga berlip, 2 hepdäniň içinde finalçylar belli bolar. Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklarynda Parižde PSŽ bilen “Bawariýa”, Madridde “Atletiko” bilen “Arsenal” duşuşar.

Şu gijeki PSŽ bilen “Bawariýanyň” arasyndaky oýna şweýsariýaly Sandro Şerer eminlik etse, ertirki “Atletiko” bilen “Arsenalyň” duşuşygynda Danni Makkeli jürlewük çalar. Duşuşyklaryň ikisi hem ýarygijede, Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

PSŽ bilen “Bawariýa” mundan öň 16 gezek duşuşyp, şolaryň birinden galany Çempionlar Ligasynyň çäginde geçirilen oýunlardyr. 9 duşuşykda “Bawariýa”, 7 oýunda-da PSŽ ýeňiş gazandy. 2 topary 2019/20 möwsüminiň finalynda-da duşuşyp, “Bawariýa” 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Toparlar geçen möwsümde-de, şu möwsümde-de liga tapgyrynda gabatlaşypdylar we “Bawariýa” 2 oýunda-da degişlilikde 1-0 hem-de 2-1 hasaplar bilen üstün çykypdy. Toparlaryň geçen ýyl FIFA Klublar Dünýä Kubogynyň çärýek finalyndaky duşuşygynda fransuz kluby 2-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

PSŽ-de şikesli ýa-da jerimesi bolan futbolçy ýok. Ýöne “Bawariýada” Bişof, Karl, Gnabri, Gerreýro, Ulreih ýaly futbolçylar şikesi sebäpli oýnap bilmez.

“Arsenal” ispan toparlaryny 7 oýundan bäri ýeňip gelýär

“Atletiko” bilen “Arsenal” mundan öň bu ýaryşyň çäginde diňe 1 gezek duşuşdylar. Ol hem şu möwsümde ýaryşyň liga tapgyrynda bolup, londonlylar öz meýdançasynda 4-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Iki topar 2017/18 möwsüminde Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynda-da duşuşypdylar. Şonda Londondaky oýun 1-1, Madriddäki duşuşyk bolsa ispan toparynyň 1-0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdy. Soňlugy bilen, “Atletiko” şol möwsüm Ýewropa Ligasynda ýeňiji bolupdy.

Ertir oýnaljak bu oýunda “Atletikoda” Barrios bilen Himenesiň şikesi bolup, olaryň meýdança çykmagyna garaşylanok. Hansko bilen Lukmanyň hem ýagdaýy oýnuň öňüsyrasynda belli bolar.

UEFA-da ispan toparlaryny yzly-yzyna 7 oýundan bäri ýeňip gelýän ilkinji klub hökmünde hasaba alnan “Arsenalda” köp wagtdan bäri şikesli bolan Merino hem-de Timberiň toparyna kömegi degmez. Kalafiori bilen Hawertsiň meýdança çykyp-çykmazlygy duşuşykdan öň kesgitlener.