19-25-nji aprelde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Özbegistanyň çeperçilik akademiýasy, şeýle hem, Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guramagynda Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň “Bir ruh, dürli reňk” atly bäsleşik sergisi geçirildi. Bäsleşige türki dilli ýurtlardan suratkeşler gatnaşdylar. Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gurban Babatäjow TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
PDF









