Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda foruma we sergä gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagy okaldy.
Gutlag hatynda – Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bardyr. Gadymy döwürlerden bäri iki halkyň arasynda ýakyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň köpugurly gatnaşyklar üçin hem köpri bolup hyzmat edipdir – diýlip bellenilýär.
Sergä gatnaşýan hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar, internet hyzmatlary, elektron senagat ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.
Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Sergi meýdançasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek hem-de prezentasiýa meýdançalarynyň göz öňünde tutulmagy, kompaniýalara öz harytlaryny we hyzmatlaryny giňden tanyşdyrmaga, ikiçäk gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berer.
Serginiň iş wagtlary:
28-nji aprelde 10:00-dan 18:00-a çenli;
29-njy aprelde 10:00-dan 18:00-a çenli;
30-njy aprelde 10:00-dan 16:30-a çenli.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-82, 39-88-83
PDF









