Pekinde geçirilýän “Auto China 2026” halkara sergisi Hytaýyň awtoulag senagatynyň global bazarda, aýratyn hem Ýewropada täsiriniň çalt artýandygyny görkezdi. Ekspertleriň pikiriçe, häzirki wagtda her iki ýewropalydan biri indiki ulagyny Hytaý brendlerinden satyn almaga taýýar we ýakyn 4-5 ýylda Hytaý awtoulaglarynyň Ýewropadaky paýy 25%-e çenli ýokarlanyp biler. Rekord derejedäki 380 müň inedördül metr meýdany eýeleýän bu sergide 1450-den gowrak awtomobil, şol sanda 181 sany dünýä premýerasy görkezildi. “BYD”, “Chery” we “Geely” ýaly hytaý ägirtleri diňe bir elektrikli ulaglary däl, eýsem, emeli aň bilen enjamlaşdyrylan “akylly” tehnologiýalary hem hödürläp, adaty öndürijiler bilen bäsleşigi has-da ýitileşdirýärler.
Tehnologiýa dünýäsiniň ägirdi bolan “Xiaomi” ýaly kompaniýalaryň hem awtoulag bazaryna işjeň goşulmagy, ulagyň indi diňe bir gatnaw serişdesi däl-de, eýsem uly sanly platforma öwrülendigini tassyklaýar. Hytaý öndürijileri batareýa, programma üpjünçiligi we sanly hyzmatlar boýunça bäsdeşlige ukyply nyrhlary hödürlemek bilen, BMW, “Mercedes-Benz” we “Audi” ýaly global brendleriň öňünde täze şertleri goýýarlar. Eger häzirki meýiller dowam etse, geljek on ýyllygyň dowamynda Hytaý brendleriniň Ýewropa bazaryndaky paýy 30%-den hem aşyp biler. Emma munuň üçin hytaýly öndürijiler satuwdan soňky hyzmatlary ýola goýmak we ýerli kadalaşdyryjy talaplary berjaý etmek ýaly meseleleri çözmeli bolarlar. Netijede, “Auto China 2026” sergisi dünýä awtoulag bazarynyň ugrunyň düýpli üýtgeýändigini we Ýewraziýa giňişliginde hytaý tehnologiýalarynyň hökmürowanlygynyň artýandygyny görkezýän esasy meýdança boldy.