Golaýda Çärjew etrap häkimligi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti bilen bilelikde etrap häkimliginde “Atda wepa-da bar, sapa-da” ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirdi. Baýramçylyk maslahatyna etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri mekdepleriň mugallymlary, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly enelerimiz, oba adamlary medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň guraýjylary bolup çykyş edýän etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyndan jümleleri okadylar, etrabyň medeniýet işgärleri bu kitapdan gysga sahna eserlerini ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Asrar Ereşowyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Hudaýberdi Döwletowyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Çärjew etrap birleşiginiň başlygy Babamurat Şükürowyň etrabyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň ýaşaýjysy Ahmet Seýliýewiň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, oba adamlarynyň, mekdep mugallymlarynyň eden çykyşlarynda özüniň owadanlylygy, çydamlylygy, duýgurlylygy, wepadarlygy bilen dünýäde meşhurlyga eýe bolan bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşan hökmünde “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli täsirli gürrüňler edildi. Ahalteke atçylyk sungaty we olary bezemek däbiniň dünýäde iň abraýly guramalarynyň biri hasaplanylýan ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynda mynasyp ornuň bardygy bellenilip, owadanlykda, duýgurlykda, wepadarlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewleriň, olaryň bezeliş aýratynlyklary dogrusynda çykyş edildi. Edilen çykyşlar aýratyn hem Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Asrar Ereşowyň bedewleri seýislemekde, olary at çapyşyklaryna taýýarlamakda edilýän tagallalar dogrusynda eden çykyşy maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Maslahatyň esasy maksady gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mukaddesliklerimiziň dünýä möçberdäki şan-şöhratyny wasp etmekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň etrap medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik toparlarynyň görkezen degişli sahnalary şeýle-de hoş owazy aýdym-sazlaryň belent owazlary bilen baýlaşmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy.
Nasiba Durdybaýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.