“Uly kitap” (Bolşaýa kniga) milli edebi baýragy XXI möwsümiň “Uzyn sanawyny” yglan etdi, oňa dünýäniň 11 ýurdundan hödürlenen 465 eseriň arasyndan saýlanan 40 sany iň gowy kitap girdi. Bu sanawda Sergeý Şargunowyň “Popowiç”, Lew Danilkinyň “Palasso Madamy”, Mihail Ýelizarowyň “Ýudol” we Zahar Prilepiniň “Tuma” ýaly meşhur ýazyjylaryň eserleri bar. Andreý Astwasaturowyň ýolbaşçylygyndaky bilermenler geňeşi tarapyndan düzülen sanawa 10 sany “Non-fikşn” we 30 sany “Çeper proza” ugurlaryndan eserler saýlanyp alyndy. Bilermenleriň pikiriçe, bu sanaw häzirki zaman rus edebiýatynyň täzeçil hem-de däp-dessur gözleglerini we nusgawy edebiýat bilen arabaglanyşygyny doly şöhlelendirýär. Baýragyň “Gysga sanawy” 3-nji iýunda “Gyzyl meýdança” kitap festiwalyndan öň yglan ediler, ýeňijiler bolsa dekabr aýynda geçiriljek dabarada mälim ediler. 2006-njy ýyldan bäri berlip gelinýän bu abraýly baýrakda şu ýyl “Okyjylaryň saýlawy”, “Nesilleriň saýlawy” we “Edebiýata goşan goşandy üçin” ýaly goşmaça ugurlardan hem sylaglar gowşurylyp, “Litblog” bäsleşigine badalga berler.
PDF







