Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gündogaryndaky Appalaç daglarynda litiniň gorlary takmynan 2,3 million tonna bahalanýar, bu örän zerur mineralyň 328 ýyllyk importuny çalyşmak üçin ýeterlik diýip, ABŞ-nyň Geologik gullugynyň (USGS) ylmy barlaglaryna salgylanýan “RIA Nowosti” habar berdi.
Gürrüň Men, Nýu-Hempşir, Demirgazyk Karolina we Günorta Karolina ştatlaryny öz içine alýan sebit barada barýar. Geologlaryň tassyklamagyna görä, litiniň bu ýerdäki gorlary 130 million elektrik ulagyny batareýa bilen üpjün etmäge we energiýa ulgamyny kadalaşdyrmakda uly möçberli batareýalaryň 1,6 millionyny öndürmäge ýeter.
Ýokary tehnologiýaly pudaklaryň maddy üpjünçiliginiň esasyny düzýän mineral magdanlaryň aýratyn görnüşleri: kobalt, litiý, marganes, sink, hrom we beýlekilerdir.
Esasy Dünýä täzelikleri ABŞ-nyň Appalaç daglaryndaky litiniň gorlary 328 ýyllyk importyň ornuny tutar
PDF









