Bütindünýä banky Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda, ýangyjyň bahalarynyň üstümizdäki ýylda 24 göterim gymmatlamagyna garaşýar. Bu barada bankyň çig mal bazarlaryndaky ýagdaýyň geljegi bilen bagly nutugyna salgylanyp, TASS habar berdi.
Hasabatyn awtorlary çaklamanyň ýangyjyň daşalmagyndaky çynlakaý kynçylyklaryň maýda tamamlanjakdygyna, Ormuz bogazyndan ýangyç daşalmagynyň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli kem-kemden öňki durkuna geljekdigine esaslanýandygyny bellediler.
Şol bir wagtda Halkara Pul gaznasy dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi barada nutugynda, eger Ýakyn Gündogardaky ýagdaý uzaga çekse, nebitiň we gazyň nyrhlarynyň 2026-2027-nji ýyllarda degişlilikde, 100 we 200 göterim gymmatlajakdygyny çaklaýar. Ýagny, ýaramaz şertlerde 2026-njy ýylda nebitiň bir barreliniň ortaça bahasy 110 dollar, 2027-nji ýylda 125 dollar we biraz oňyn şertlerde 100 dollar hem-de 2027-nji ýylda takmynan 75 dollara deň bolup biler.